Eýranyň daglyk Garabag sebitine kömek etmegi baradaky habar ret edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy, Azerbaýjan Respublikasynyň käbir habar beriş serişdeleriniň ýangyç we azyk önümleriniň Eýrandan daglyk Garabag sebitine geçirilmegi baradaky aýyplamalary ret etdi.
Soňky günlerde Azerbaýjanyň käbir habar beriş serişdeleri sosial ulgamlarda ýangyç we azyk önümleriniň Eýrandan daglyk Garabag sebitine iberilýändigini öňe sürýän wideolary ýaýratdylar.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berlen beýanatda şeýle diýilýär: Galplyk ýaýradýarlar we şeýlelik bilen Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny bozmaga synanyşýarlar.
Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasy bu wideo hasabatyny ret edip, şeýle diýdi: "Görnüşi ýaly, bu galp suratlarda onuň ýerleşýän ýeri we wagty belli däl we bu mesele bilen baglanyşykly hasabat hakykatdan daşdadyr."