Zarif:Amerika gadaganlyklary taşlamak pursatyny elden berendir
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri duşenbe agşamy twitterde koronawirusynyň Amerika döwletine gadaganlyklara garaşlylygyny taşlamagy üçin bir pursatdygyna yşarat etmek bilen ýöne Waşingtonyň ony ýitirendigini aýtdy.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Amerikanyň gadaganlyklaryna garamazdan Eýran özüniň ynsanlyk we ylmy çeşmeleri we daşary ýurt dostlary bilen koronawirusyna garşy göreşde görnetin ösüşleri gazanandyr diýip Muhammet Jawad Zarif twitterinde ýazandyr.
Kowid-19 keseli Amerika üçin gadaganlyklara garaşlylygyny taşlamagy üçin bir pursatdy ýöne indi Amerika döwleti Eýran halkynyň aňynda betnam we abraýsyz galar diýip sözüne goşdy.
soňky hepdelerde korona keseliniň ýaýramagy bilen dünýä ýurtlary Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklarynyň ýatyrylmagyny islän bolsalarda ýöne ak-Tamyň jogapkärleri Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasatyny dowam bermeklige aýak direýändirler.