Jan babaei:Eýran koronawirusyny kontrol etmekde üstünlik gazanandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7411-jan_babaei_eýran_koronawirusyny_kontrol_etmekde_üstünlik_gazanandyr
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministriniň orunbasary: Eýran Yslam Respublikasy şu wagta çenli koronawirusyny kontrol etmekde we onuň ýaýramagynyň öňüni almakda üstünlik gazanandyr diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 14, 2020 11:13 Asia/Ashgabat
  • Jan babaei:Eýran koronawirusyny kontrol etmekde üstünlik gazanandyr

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministriniň orunbasary: Eýran Yslam Respublikasy şu wagta çenli koronawirusyny kontrol etmekde we onuň ýaýramagynyň öňüni almakda üstünlik gazanandyr diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministriniň orunbasary Kasym Jan Babaei Eýranda korona keseli bilen kesellänleriň sanynyň azalýandygy barada gürrüň gozgap korona dartgynlylygyndan çykmak we Eýranlylaryň arasynda bu keseli azaltmak üçin ädim ädim we tapgyrlaýyn bir taslamanyň ýerine ýetirilip durandygyny aýtdy.

Eýranyň döwletiniň ýaragly güýçleriň kömegi bilen öňüni alyş we bejeriş çäreleri bilen bir wagtda Eýran halkynyň ähli bölümleriniň arkalaşmaklary bilen näsaglar bilen gatnaşykda bolan adamlary yzarlamak,näsaglary karantine etmek we korona keseli ýokaşan adamlary bejermek işi tizlik bilen amala aşyp durandyr.