550 Eýranly lukman BMG-nyň Baş sekretaryna Amerikanyň sanksiýalaryny tankytlaýan haty ýazdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Lukmançylyk birleşiginiň 550-den gowrak lukmany we hünärmeni BMG-nyň Baş sekretaryna ýazan hatynda ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy sanksiýa syýasatynyň dowam etmegine tankyt bildirdiler.
Eýranyň lukmançylyk guramasynyň agzalary bolan lukmanlar we hünärmenler BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreşe ýazan hatynda Eýranda korona keseliniň ýaýramagyndan dörän ynsany we ykdysady zyýanlar Amerikanyň iň ýokary derejede gadaganlyklary bilen gabat gelip durandyr şoňa görä syýasy maksatlar üçin adamlaryň saglygyna howp salmak diňe bir bikanun iş dälde eýsem rehimsizlik işdir diýip ýazdylar.
bu hatda koronawirusynyň ýaýramagynyň we onuň aladalandyryjy netijeleriniň göz öňüne tutulmagy bilen halkara köpçüliginiň millionlarça Eýran halkyna zyýan berýän gadaganlyklaryň garşysynda durmagy islenendir.
Eýran Yslam Respublikasynyň lukmançylyk ulgamy guramasynyň lukmanlary we hünärmenleri öz hatynda BMG-nyň Baş sekretaryny ähli mümkinçiliklerinden we halkara jemgyýetçiliginden peýdalanyp, Amerikany Eýrana garşy ähli taraplaýyn sanksiýalary ýatyrmaga mejbur etmäge çagyrdylar.