Eýranda korona keseline uçranlaryň 48 müňden gowragy derman boldylar
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi, ýurtda 74,877 adamyň koronawirusa ýokaşandygyny aýdyp, şu wagta çenli bu näsaglaryň 48129-synyň sagaldylandygyny we keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour şu gün habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde ýurtda koronawirusyna uçraýan adamlaryň sanynyň azalmagyna yşarat etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda bir müň 574 adamyň korona duçar bolandygy saýgaryldy diýip yglan etdi.
Jahanpour şeýle hem uzak wagtdan soň, Qowid-19 keselinden ölenleriň sanynyň azalyp 24 sagatyň içinde 98 adama ýetendigini aýtmak bilen Eýranda bu keseliň ýaýramagyndan bäri ýygnagda ölen adamlaryň sany 4 müň 683 adama ýetdi diýip beýan etdi.
Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary koronawirusa garşy göreşe gatnaşýar; dünýäde koronawirusy bilen kesellänleriň sany 2 million adama golaýlaýan mahaly şolardan azyndan 120,000 öldi we 457,000 töweregi adam sagalandyr.