Raisi:Sepah Pasdaran bütin güýji bilen meýdanda we halkyň ýanyndadyr
(last modified Tue, 14 Apr 2020 13:47:32 GMT )
Apr 14, 2020 18:47 Asia/Ashgabat
  • Raisi:Sepah Pasdaran bütin güýji bilen meýdanda we halkyň ýanyndadyr

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy yslam ynkylabyň Sepah Pasdaran güýji bütin mümkinçilikleri bilen meýdanda we halkyň arkasynda durandyr diýdi.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Ybrahym Raisi şu gün Sepahyň gury ýer güýçleriniň biologik goranyş we töwerek daşy päklemek boýunça türgenleşigini ýakyndan synlap gören mahaly beren gürrüňlerinde:yslam ynkylabyň bereketinden Eýranyň ýaragly güýçleri howplary pursata öwürmek ýarawyundan paýlydyrlar diýip beýan etdi.

Raisi şeýle-de her ýerde gulluk etmekden gürrüň gozgalanda Sepahyň ady çekilýändir diýmek bilen yslam ynkylabyň Sepah Pasdaran güýji bela beterlerde we garaşylmadyk tebigy wakalarda şeýle-de ady ýaman koronawirusynyň öňüni almakda ilatyň gullugynda bolandyrlar diýip nygtady.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy şeýle-de göçme keselhanalary dikeldip olary dürli enjamlara beslemekde bitiren işlerini öwgä laýyk bilmek bilen ilatyň gündelik mätäçliklerini olara ýetirmekde,silden we ýer titremeden ejir çeken ilata kömek etmekde hem-de döwüriň talabyna laýyk keselhanalary bejermekde Sepah bilen Basij ýurduň saglyk goraýjylaryna bir gowy daldadyrlar diýip ynam bildirdi.