Eýranda Koronawirusy ýokaşanlaryň mezende 50 müň- gutuldy
Apr 15, 2020 14:08 Asia/Ashgabat
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi Şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 49,933 adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň umumy aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy "Kianoş Jahanpour" çarşenbe güni habarçylaryň arasynda ýurtda koronawirusyň azalýan tendensiýasyna yşarat edip geçen 24 sagadyň dowamynda “Kowid 19” bilen kesellän täze 1512 hassany hasaba almak bilen bu wirusa ýokaşanlaryň jemi sany 76,389-a ýetdi diýip hasabat berdi.
Jahanpour, soňky 24 sagadyň dowamynda 94 näsagyň aradan çykanlygyny aýdyp şeýlelikde "Eýranda koronawirus ýüze çykaly bäri jemi 4777 adam öldi." diýip habar berdi.