prezident Ruhaniň gatnaşmagynda Tehran welaýatynda bir näçe uly taslama ulanyşa berildi
(last modified Thu, 16 Apr 2020 12:33:53 GMT )
Apr 16, 2020 17:33 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhaniň gatnaşmagynda Tehran welaýatynda bir näçe uly taslama ulanyşa berildi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Tehran welaýatynda suw we elektrik senagatlary bilen baglanşykda bir näçe iri taslamany ulanyşa berdi.

prezident Hasan Ruhani şu gün wideo konferens arkaly Yslam şäheriň suw arassalaýyş desgasynyň ikinji fazyny,Safa-däştiň mesken-mehriniň we Maladrdyň suw arassalaýyş desgalarynyň birinji fazlaryny ulanyşa berdi.

bu taslamalaryň ulanyşa berilmekleri bilen ýangyjyň sarp edilmeginde ýylda 750 million litir tygşytlylyk ýüze çykjakdyr.Prezident Ruhani bu taslamalary ulanyşa bereni soň beren gürrüňlerinde:döwlet,hususy we döwlete degişli şereketler we ýurduň beýleki kompaniýalary korona kynçylygyň we gadaganlyklaryň dowam etmegine garamazdan Eýran Yslam Respublikasynyň abadançylygy uguryndaky işlerini badly suratda dowam etjekdirler diýip ynam bildirdi.

Eýran döwleti ýurduň abadançylygy şeýle-de önümiň mukdaryny artdyrmagyň ýanynda ilatyň jan saglygyny goramakda hem özüniň tagallalaryny dowam eder diýip prezident Ruhani aýtdy.