Eýranda şu mahala çenli 52 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7439-eýranda_şu_mahala_çenli_52_müňden_gowrak_adam_koronawirusyndan_gutuldylar
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi Şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 52 müň 229 adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 16, 2020 13:33 Asia/Ashgabat
  • Eýranda şu mahala çenli 52 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldylar

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi Şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 52 müň 229 adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianouş Jahanpour penşenbe güni habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranda koronawirusyna uçraýan adamlaryň sanynyň azalyp ugramagyna yşarat edip:geçen 24 sagatyň boýunda Eýranda bir müň 606 adamyň koronawirusyna uçrandyklary anyklanyldy diýmek bilen şu mahala çenli Eýranda koronawirusyna uçran adamlaryň sany 77 müň 997 adam bolandyr diýip yglan etdi.

geçen 24 sagatda 92 adamyň koronawirusyndan ölmekleri bilen ýygnagda bu wirusdan ölen adamlaryň sany 4 müň 869 adam boldy diýip Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianouş Jahanpour aýtdy.

dünýäde koronawirusyndan ölen adamlaryň sany artyp 2 milliondan geçendir bu adamlaryň 135 müňden gowragy bu keselden ölendirler bu arada takmynan 516 müň adam hem bu keselden gutulandyrlar.