Larijani:Eýran goşuny milli kuwwatlylygyň simbolydyr
Yslam Eýranyň mejlis başlygy Goşun gününi gutlap Eýran Yslam Respublikasynyň goşuny, Eýranyň milli kuwwatlylygynyň nyşanlaryndandyr we Eýran ilatynyň ýanynda unudulmajak orny bardyr diýip beýan etdi.
Eýranyň senenamasynda 19-njy Farwardin bilen barabar (17-nji aprel) Yslam respublikasynyň düýbini tutan Ymam Homeýniniň başlangyjy bilen Goşun güni diýlip atlandyryldy.
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani şu gün bir sargyt boýunça Eýran goşunyna has günüň gelip ýetmegini gadyrlap Eýran goşuny yslam ynkylabyna we medeniýetiň eýesi bolan bu millete mahsusdyr we hemişe ilatyň we yslam ynkylabyň ýokary maksatlarynyň gullugynda bolandyr diýip belläp geçdi.
Larijani, Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň dürli söweş we gorag meýdançalarynda gazanan ajaýyp ýeňişlerini Eýran halkynyň buýsanjynyň we beýikliginiň jelweleri hasaplady.
Eýran mejlisiniň başlygy Eýran goşuny, mertebesini, kuwwatlylygyny we berk yradasyny görkezmek bilen Eýran milletiniň duşmanlaryň dildüwşüklerini ýeňip puja çykarandyr diýdi.