Eýran Yslam Respublikasynyň goşuny "Hyzmat parady" dabarasyny geçirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7442-eýran_yslam_respublikasynyň_goşuny_hyzmat_parady_dabarasyny_geçirdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň "Hyzmat parady" Eýranyň hemme ýerinde Eýranyň Goranmak ministri we ýaragly Güýçleriň ýokary derejeli harby serkerdeleriň gatnaşmagynda "Watan goragçylary, saglyk kömekçileri" şygary bilen geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 17, 2020 15:56 Asia/Ashgabat
  • Eýran Yslam Respublikasynyň goşuny

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň "Hyzmat parady" Eýranyň hemme ýerinde Eýranyň Goranmak ministri we ýaragly Güýçleriň ýokary derejeli harby serkerdeleriň gatnaşmagynda "Watan goragçylary, saglyk kömekçileri" şygary bilen geçirildi.

Bu paradda hapalary arassalaýjy enjamlary, göçme hassahanalar, dizaýn edilen we optimallaşdyrylan ulaglaryň nusgalary, şeýle hem Eýranyň abraýly halkyna koronawirusa garşy göreşde kömek etmek üçin goşun işgärleriniň ynsansöýer kömekleri ýörite stansiýanyň öňünden geçirildi.

Parad Tähran bilen 24 welaýat merkezinde bir wagtyň özünde geçirildi we parada gatnaşýan bölümler hapalary aýyrmak we ýollary dezinfeksiýa etmek, şeýle hem demografiki çäreleri geçirmek üçin saýtdan geçen badyna pes mçmkinçilikli we uzak sebitlere iberildi.