Eýranda koronawirusyna uçran adamlaryň 56,000 töweregi gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7447-eýranda_koronawirusyna_uçran_adamlaryň_56_000_töweregi_gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä Şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 55,987 adam sagaldy we keselhanalardan boşadyldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 18, 2020 11:59 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronawirusyna uçran adamlaryň 56,000 töweregi gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä Şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 55,987 adam sagaldy we keselhanalardan boşadyldy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour, şenbe güni habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde soňky 24 sagadyň dowamynda 1374 adamyň korona uçrandyklaryna yşarat edip şu mahala çenli Eýranda 80 müň 868 adamyň koronawirusyna uçrap hassalandyklary anyklanandyr bu adamlaryň hem takmynan 56 müňsi gutulyp keselhanalardan çykandyrlar diýip yglan etdi.

Jahanpour şeýle-de geçen 24 sagatda Eýranda 73 adamyň koronawirusyndan ölendiklerine yşarat edip şeýlelik bilen şu mahala çenli Eýranda bu wirusdan öz janlaryny elden beren adamlaryň sany 5 müň 31 adam boldy diýip sözlerine goşdy.

Eýranlylar mätäçlere we korona ýürek kesellerinden ejir çekýänlere we wirusyň ýaýramagy sebäpli işini ýitirenlere hyzmat etmek üçin tutuş ýurt boýunça “wepaly kömek” maşkyny başladylar.