uçarmansyz söweş uçarlary Eýran goşunynyň erkinde goýuldy
Köp wezipeli uçarmansyz harby uçarlary Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministriniň gatnaşmagynda Eýran goşunynyň erkinde goýuldylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri general Amir Hatami Karrar,Ababil-3 şeýle-de Köp wezipeli uçarmansyz harby uçarlaryň Eýran goşununyň erkinde goýulmagynyň ýanynda beren gürrüňlerinde bu uçarlar Eýranly şereketleriň we Eýranyň goranmak senagatynyň başarnyklaryny işe almak bilen bejerilendirler diýip yglan etdi.
generaly Hatami bu pilotsyz uçarlaryň, gözleg uçary hökmünde, Yslam respublikasynyň serhetlerinde duşmanlaryň hereketlerine ep-esli aralykda gözegçilik edip biljekdigini aýtdy.
Eýranyň Goranmak ministri bu pilotsyz uçarlaryň belentliklerde uçup bilmek ukybyna ünsi çekip: Bu pilotsyz uçarlar 40,000-den 45,000 fut belentlikde uçup we 1500 kilometre çenli radiusda missiýalary ýerine ýetirip biler diýdi.