Ynkylap goragçylary Amerikalylara Pars aýlagynda halkara düzgünlerini berjaý etmegi duýdurýarlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7454-ynkylap_goragçylary_amerikalylara_pars_aýlagynda_halkara_düzgünlerini_berjaý_etmegi_duýdurýarlar
Sepah Pasdaranyň umumy aragatnaşyk bölümi ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleriniň Pars aýlagyndaky hünärsiz hereketine yşarat edip Amerikalylar, her hili dawa aramakdan we ýalan gürrüňlerden saklanmalydyrlar diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 19, 2020 16:53 Asia/Ashgabat
  • Ynkylap goragçylary Amerikalylara Pars aýlagynda halkara düzgünlerini berjaý etmegi duýdurýarlar

Sepah Pasdaranyň umumy aragatnaşyk bölümi ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleriniň Pars aýlagyndaky hünärsiz hereketine yşarat edip Amerikalylar, her hili dawa aramakdan we ýalan gürrüňlerden saklanmalydyrlar diýip nygtady.

ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleriniň Günbatar Aziýadaky bäşinji floty we käbir syýasy we harby işgärler ýakynda rewolýusiýa goragçylarynyň 11 gämisiniň 15-nji aprelde demirgazyk Pars aýlagynda Ameriikanyň gämilerine kynçylyk döredendirler we onuň ýakynyndan geçendirler diýip tosladylar.     

IRGC-iň umumy aragatnaşyk bölümi ýekşenbe güni beren beýanatynda ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleriniň 6-njy we 7-nji aprelde Aýlagdaky Eýran gämilerine hünärsiz we howply hereketleri we ilkinji duýduryşlary äsgermezlik edendigini aýtmak bilen netijede Eýranyň ýüzýän ýolundan çekilmäge mejbur boldylar diýip yglan etdi.