Zarif Trump-a ýüzlendi: Beýleki ýurtlaryň işine goşulmaň
Apr 19, 2020 17:01 Asia/Ashgabat
ABŞ-nyň prezidentiniň bildirýän käbir aýyplamalaryna jogap edip, Eýranyň Daşary işler ministri beýleki ýurtlaryň işlerine goşulmagyny bes etmelidigini aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump düýn (şenbe) Ak tamda guralan metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Eýrana, Koronanyň ýaýramagy wagtynda ykdysady terrorçylygyna garamazdan, Eýrana kömek ibermäge taýýardygyny aýtdy.
Şeýle hem, Trump korona garşy göreşmek üçin ABŞ-da köp sanly kynçylyklara we lukmançylyk we saglyk enjamlarynyň ýetmezçiligine garamazdan, Eýranyň haýyşy boýunça müňlerçe emeli respirator Tثhrana iberiljekdigini öňe sürdi.