Zarif Trump-a ýüzlendi: Beýleki ýurtlaryň işine goşulmaň
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7455-zarif_trump_a_ýüzlendi_beýleki_ýurtlaryň_işine_goşulmaň
ABŞ-nyň prezidentiniň bildirýän käbir aýyplamalaryna jogap edip, Eýranyň Daşary işler ministri beýleki ýurtlaryň işlerine goşulmagyny bes etmelidigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 19, 2020 17:01 Asia/Ashgabat
  • Zarif Trump-a ýüzlendi: Beýleki ýurtlaryň işine goşulmaň

ABŞ-nyň prezidentiniň bildirýän käbir aýyplamalaryna jogap edip, Eýranyň Daşary işler ministri beýleki ýurtlaryň işlerine goşulmagyny bes etmelidigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump düýn (şenbe) Ak tamda guralan metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Eýrana, Koronanyň ýaýramagy wagtynda ykdysady terrorçylygyna garamazdan, Eýrana kömek ibermäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýle hem, Trump korona garşy göreşmek üçin ABŞ-da köp sanly kynçylyklara we lukmançylyk we saglyk enjamlarynyň ýetmezçiligine garamazdan, Eýranyň haýyşy boýunça müňlerçe emeli respirator Tثhrana iberiljekdigini öňe sürdi.