Musawi:Ýemeniň dartgynlylygynyň harby çykalgasy ýokdyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Saud birliginiň Ýemende atyşygyň bes edilmegine harby çykalga ýokdyr eýsem oňa syýasy ýollardan çäre görip bolar diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün wideo konferensiýa arkaly habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran Ýemende atyşygyň bes edilip Ýemenli toparlaryň arasynda söhbetdeşlikleriň geçirilip başlanmagyny garşy alýandyr we bu ugurda elden gelen kömegini hem gaýgyrmaz diýip yglan etdi..
Musawi şeýle-de Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň Siriýa saparyna yşarat edip Zarif Siriýa saparynda sebitiň özgerişleri hem-de Siriýada terrorizma garşy göreşiň gidişi barada gürrüň bolar diýip yglan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şeýle-de Astana akymyny yzarlaýan döwletleriň diýmek Eýran,Orsýet we Türkiýe ýurtlaryň başlyklarynyň oturuşygynyň korona üçin yza oklanylmagy astana akymynyň ýatyrylmagy manysynda däldir diýip sözlerine goşdy.