Musawi: Daşary ýurt güýçleri Eýrany duýduryş bermäge mejbur etmesinler
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Eýran güýçleriniň Pars aýlagynda aýlanmaklary baradaky aýdanlarynyň jogabynda: "Daşary ýurt güýçleri Eýrany duýduryş bermäge mejbur etmesinler diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün wideo konferensiýa arkaly habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Pars aýlagynda Amerikaly harbylaryň huzurly bolmaklary Eýranyň ýaragly güýçleriniň Pars aýlagynda aýlanyp bilmeklerine päsgelçilik döretýändir diýip yglan etdi.
Eýranlylar müňlerçe ýyl bäri Paes aýlagynda huzurlydyr we bu sebitiň howpsuzlygy Eýranyň tarapyndan we sebitiň beýleki ýurtlary aýratynda Hormoz bogazynyň ýakasynda ýerleşen Oman ýurdy tarapyndan üpjün bolýandyr diýip Musawi sözlerine goşdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ýadro ylalaşygyň iş maslahaty esasynda Eýranyň ýarag gadaganlyklarynyň soňladylmagynyň we Amerikanyň bu gadaganlyklary giňeltmek tagallalaryna yşarat edip:Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäniň ünsüni döreden ykdysady terrorçylykdan sowmagyň yzyndadyr diýdi.