Eýranda koronawirusyna ucranlaryň 59,000-den gowragy derman boldylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7460-eýranda_koronawirusyna_ucranlaryň_59_000_den_gowragy_derman_boldylar
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä, Şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 59,273 adam sagalyp keselhanalardan çykarylandyrlar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 20, 2020 16:45 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronawirusyna ucranlaryň 59,000-den gowragy derman boldylar

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä, Şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 59,273 adam sagalyp keselhanalardan çykarylandyrlar.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour duşenbe güni habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde soňky 24 sagadyň dowamynda 1,294 täze hassanyň kesgitlenmegine salgylanyp, Eýranda koronawirus näsaglary baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, şu wagta çenli Eýranda 83,505 adama koronawirusy ýokaşandyr.

Jahanpour, şeýle hem, soňky 24 sagatda 91 adamyň ölümine ünsi çekip, Eýranda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 5209 adama ýetendigini aýtdy.

Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 2,5 milliona ýetdi, şolardan azyndan 165,000 adam öldi we 633,000-den gowrak adam keselhanalardan boşadyldy.