Eýranda koronawirusly 60,000-den gowrak adam sagaldy
Apr 21, 2020 16:58 Asia/Ashgabat
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi Eýranda koronawirusa ýokaşan 60,965 adamyň şu wagta çenli sagalandygyny we keselhanalardan çykarylandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň umumy aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour sişenbe güni habarçylaryň arasynda soňky 24 sagadyň dowamynda 1,297 täze hassanyň ýüze çykarylandygyny aýdyp, Eýranda koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada aýtdy.anyk maglumatlar esasynda Eýranda 84,802 adam koronawirusa ýokaşdy.
Jahanpour, şeýle hem, soňky 24 sagatda 88 adamyň ölümine ünsi çekip, Eýranda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 5297-e ýetendigini aýtdy.