Eýranda koronawirusyna uçran 63,000-den gowrak adam dikeldildi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä, Şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 63113 adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour çarşenbe güni habarçylaryň arasynda Eýranda koronawirus näsaglary baradaky soňky sanawlar barada beren gürrüňlerinde soňky 24 sagadyň dowamynda 1,194 täze hassanyň kesgitlenendigini aýtmak bilen Şu wagta çenli anyk anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda Eýranda 85,996 adam koronawirusa ýokaşdy.
Jahanpour, şeýle hem, soňky 24 sagadyň dowamynda 94 adamyň ölendigine yşarat edip, Eýranda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 5391-e ýetendigini aýtdy.
Dünýäde koronawirusy bilen kesellänleriň sany 2,5 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan 178,000 adam öldi we 702,000-den gowrak adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.