Eýranyň Köpugurly emeli hemrasy Sepah Pasdaran tarapyndan üstünlikli uçuryldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7476-eýranyň_köpugurly_emeli_hemrasy_sepah_pasdaran_tarapyndan_üstünlikli_uçuryldy
Eýran Yslam Respublikasynyň Köpugurly hemrasy şol sanda goranyş ukyply bolan ilkinji harby hemrasy Yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýçleri tarapyndan üstünlikli orbitada ýerleşdirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 22, 2020 12:43 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Köpugurly emeli hemrasy Sepah Pasdaran tarapyndan üstünlikli uçuryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň Köpugurly hemrasy şol sanda goranyş ukyply bolan ilkinji harby hemrasy Yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýçleri tarapyndan üstünlikli orbitada ýerleşdirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Köpugurly Nur atly bu emeli hemrasy şu gün Eýranyň merkezi çölünden emeli hemrany göterýän Gaset atly hemra bilen uçurylyp 425 kilometrlik orbitada ýerleşdirildi.

Bu hereket, Yslam Eýran üçin kosmos pudagynda uly üstünlik we täze ösüş bolar.

Yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň baş serkerdesi general Huseýin Salami Eýran Yslam Respublikasynyň köp maksatly hemrasynyň üstünlikli uçurylmagyna yşarat edip Nur hemrasynyň üstünlikli uçurylmagy Eýranyň goranyş güýjüniň täze ölçeglerini gowulandyrandyr diýdi.