Ruhani:Aziýanyň günbatarynyň dartgynlylygyny kontrol etmeklik sebit ýurtlaryň elinde bolmalydyr
Eman Yslam Respublikasynyň Prezidenti Umman şasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde: Tähranyň Günbatar Aziýa sebitiniň dartgynlylygynyň çözgüdini sebit ýurtlaryň erkinde goýýan taslamalara hemaýat berýändigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni Ummanyň şasy Haýsam bin Tarok bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Hormoz parahatçylyk taslamasy baradaky Eýranyň döredijiligine Maskatyň beren goldawlary üçin gadyrdanlyk etmek bilen iki ýurduň gadymy dostlukly arabaglanşyklarynyň saýasynda Hormoz bogazy parahat we durnuklydyr diýip belläp geçdi.
Ruhani, Eýran bilen Ummanyň sebitde urşuň we gan dökülmeginiň öňüni almak üçin elmydama synanyşýandyklaryny aýtmak bilen bu çäreleriň Ýemendäki weýrançylyga we açlyga sebäp bolan urşuň bes edilmegi üçin dowam etmelidigini aýtdy.
Eýranyň prezidenti,Koronawirusyň ýaýramagyndan soň sebitdäki we dünýädäki kyn şertlere we bu kesele garşy göreşmekde ähli ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň zerurdygyna ünsi çekip, Eýranyň bu ugurdaky tejribelerini we gazananlaryny Omana geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.
prezident Ruhani, ummanyň hökümetini we halkyny mukaddes Remezan aýynyň öňüsyrasynda gutlady.
Iki ýurduň arasyndaky ähli derejelerdäki gatnaşyklary ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çeken Umman şasy, Eýran-Oman şertnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň iki tarapyň hem bähbidine bolandygyny aýtdy.