Ruhani: Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dowam etmelidir
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Tähran bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklary, ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek üçin tagalla edilmeginiň zerurdygyny aýtmak bilen Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda saglygy goraýyş usullaryna laýyklykda dowam etmelidir diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni agşam Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde koronawirusynyň ýaýramagynyň dünýäniň hökümetleri we milletleri üçin köp kynçylyklary döredendigini aýdyp Eýran bilen Türkiýe kyn günlerde we meselelerde bilelikde bolandyklaryny subut edendirler diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, şeýle hem ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy zalymlykly gadaganlyklaryna we häzirki kyn şertlerde Halkara Walýuta Gaznasy tarapyndan Eýrana beriljek karz pulyň öňünde iş bozarlyk etmegine yşarat edip Häzirki wagtda ähli ýurtlar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adamkärçiliksiz basyşyna garşy aç-açan durmalydyrlar diýdi.
Türkiýäniň prezidenti Erdogan hem ABŞ-nyň Tährana garşy rehimsizlikli sanksiýalaryny ýazgarmak bilen Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda saglyk ýörelgelerine laýyklykda dowam etmelidir we iki ýurt birek-biregiň hyzmatdaşlygy bilen bu kyn günleri başdan geçirerler diýip beýan etdi.