Mousawi: Ylmyň we tehnologiýanyň, esasanam howa giňişliginde ösmegi, Eýran halkynyň kanuny hukugydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary penşenbe güni gije ylym we tehnologiýanyň, esasanam howa giňişliginde ösmeginiň, Eýran halkynyň kanuny hukugydygyna yşarat edip “Nur” hemrasynyň üstünlikli we buýsançly uçurylmagy parahatçylykly maksatlar üçin we Eýranyň goranyş syýasatyna laýyklygyndadyr diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Seýid Abbas Mousawi Nur emeli hemrasynyň kosmosa üstünlikli we buýsanç bilen uçurylmagy baradaky Amerikanyň soňky pozisiýasyna jogap hökmünde ABŞ režimeiminiň Eýranyň içerki işlerine gatyşmagyny ret etmek we ýazgarmak bilen bir hatarda, ylmy we tehnologiki ösüşleri, esasanam howa giňişliginde, Eýran halkynyň hukugy hasaplap ABŞ-nyň şeýle çäreleriniň, elbetde, Eýran halkynyň öňegidişlik gazanmak kararyna päsgel bermejekdigini aýtdy.
Musawi, şeýle hem, hiç bir kararyň Eýrany kosmosa emeli hemra uçurmagyny gadagan etmeýändigini we ABŞ-nyň 2231-nji rezolýusiýasyna salgylanmagynyň elbetde ýerliksiz we ýalan däldigini aýtdy.