Musawi:NUR hemrasy baradaky Britaniýa bilen Fransiýanyň pozisiýalary ABŞ-nyň basyşlary sebäplidir
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili anna güni agşam Nur emeli hemrasy baradaky Britaniýa bilen Fransiýanyň pozisiýalaryny ret etmek bilen ony olaryň goşa standartlaryndan we Amerikanyň zor aýtmagyny kabul etmeklerinden göz baş alýandygyny aýtdy.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Seýid Abbas Musawi Nur hemrasynyň uçurylmagy bilen baglanyşykly Britaniýa bilen Fransiýanyň pozisiýalaryny kabul edip bolmajakdygyny aýdyp kosmos tehnologiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak goranyş maksatnamasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ylmy ösüşiniň bir bölegidigini aýtmak bilen halkara şertnamalarynyň hiç biri-de Eýranly hünärmenleriň we elitalaryň tagallasy bilen goldanýan bu tehnologiýany ösdürmegi gadagan edýän däldir diýdi.
Musawi Britaniýa bilen Fransiýanyň 2231-nji karary baradaky birtaraplaýyn düşündirişlerini düýbünden ret etmek bilen Eýranyň ýadro maksatnamasynyň diňe Yslam Rewolýusiýasynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň pitwasyna laýyklykda we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň hasabatyna görä parahatçylyk üçin niýetlenendigini aýdyp şonuň üçin goranyş maksatlary bolan Eýranyň kosmos programmasy mundan başga maksatlar üçin döredilmedi diýip sözlerine goşdy.