Ruhani: Eýran ABŞ-nyň hereketlerini dykgat bilen gözastyna alyp durandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7500-ruhani_eýran_abŞ_nyň_hereketlerini_dykgat_bilen_gözastyna_alyp_durandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň Amerikalylaryň hereketini dykgat bilen gözastyna alyp durandygyny aýdyp "Eýran sebitde haýsydyr bir dawa ýa-da dartgynlylygyň başyny başlamaz" diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 25, 2020 14:24 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran ABŞ-nyň hereketlerini dykgat bilen gözastyna alyp durandyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň Amerikalylaryň hereketini dykgat bilen gözastyna alyp durandygyny aýdyp "Eýran sebitde haýsydyr bir dawa ýa-da dartgynlylygyň başyny başlamaz" diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani, şenbe güni Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde mukaddes Remezan aýynyň gelmegi bilen Kataryň hökümetini we halkyny we dünýäniň ähli musulmanlaryny gutlady. bu aýynYslam ymmatyna köp bereket we haýyr-sahawat bilen hemra bolmagyny umyt etdi.

Bu telefon söhbetdeşliginde Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Eýranyň hökümetini we halkyny mukaddes Remezan aýynyň gelmegi bilen gutlady we sebitdäki dartgynlygyň öňüni almak üçin ähli ýurtlaryň işlemeginiň zerurdygyny aýtdy.