Ruhani: Eýran ABŞ-nyň hereketlerini dykgat bilen gözastyna alyp durandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň Amerikalylaryň hereketini dykgat bilen gözastyna alyp durandygyny aýdyp "Eýran sebitde haýsydyr bir dawa ýa-da dartgynlylygyň başyny başlamaz" diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani, şenbe güni Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde mukaddes Remezan aýynyň gelmegi bilen Kataryň hökümetini we halkyny we dünýäniň ähli musulmanlaryny gutlady. bu aýynYslam ymmatyna köp bereket we haýyr-sahawat bilen hemra bolmagyny umyt etdi.
Bu telefon söhbetdeşliginde Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Eýranyň hökümetini we halkyny mukaddes Remezan aýynyň gelmegi bilen gutlady we sebitdäki dartgynlygyň öňüni almak üçin ähli ýurtlaryň işlemeginiň zerurdygyny aýtdy.