Musawi:Sionist şäherçeleriň ösdürilmegi asryň söwdasy diýen şum taslamanyň çarçuwasyndadyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili günbatar kenarda Sionist şäherçeleri ösdürmek we günbatar kenaryň kä sebitlerini 1948-nji ýylda basylyp alynan ülkelere birikdirmek ugurda Sionist režiminiň edýän soňky tagallalary asryň söwdasy diýen şum taslamanyň çarçuwasyndadyr diýip beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi ýekşenbe güni sionist režimiň basyp alnan ýerlerde bu hereketlerini ýazgarmak bilen Sionist režiminiň bu işleri bikanun şeýle hem halkara kanunlaryň tersinedir hem-de sebitiň howpsuzlygyny we parahatçylygyny howpa düşürýändir diýip nygtady.
Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar özleriniň paýyna düşýän borçlara laýyklykda Sionist režimiň bu işleriniň garşysynda durmalydyrlar diýip Musawi sözlerine goşdy.
Musawi şeýle-de Korona epidemiýasy sebäpli ýüze çykan häzirki şertlerden Sionist režimiň hyýanatçylykly peýdalanmagy barada gürrüň gozgap Palestinanyň ezilen halky Corona bilen bir wagtyň özünde basyp alyiylyk, gabaw we sanksiýalar ýaly wiruslara garşy göreşýändir diýip yglan etdi.