Eýranda koronawirusy ýokaşan 69,000-den gowrak adam gowy boldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi, ýurtda 90 000-den gowrak adamyň koronawirusa ýokaşandygyny aýtmak bilen şu wagta çenli şolardan 69,657 näsag bejerildi we keselhanalardan çykaryldy diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour ýekşenbe güni beren gürrüňlerinde soňky 24 sagadyň dowamynda 1,153 täze koronawirusy hassanyň tanalandygyny aýtdy.
Jahanpour, şeýle hem, soňky 24 sagadyň dowamynda 60 adamyň ölendigine yşarat edip Eýranda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 5710-a ýetendigini aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy sözüniň dowamynda korona bilen baglanşykda şu wagta çenli ýurtdaky 126 Laboratoriýa 421,313 synagyň geçirilendigini aýtdy.
Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany takmynan 3 milliona ýetdi, şolardan azyndan 200,000 adam öldi we 839,000-den gowrak adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.