Eýranda koronawirusy ýokaşanlaryň 71,000 töweregi dikeldi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi yglan etdi: Şu wagta çenli koronawirusa ýokaşan 70,933 adam gowulaşdy we keselhanalardan çykaryldy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň umumy gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour duşenbe güni habarçylaryň arasynda Eýranda koronawirus näsaglary baradaky soňky statistika barada, soňky 24 sagadyň dowamynda 991 täze hassanyň ýüze çykarylandygyny aýtdy. ol şeýle-de Eýranda jemi 91472 adam koronawirusa duçar boldy diýip diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň umumy gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy şeýle hem soňky 24 sagatda 96 adamyň ölendigi barada durup geçdi we: "Eýranda koronawirus sebäpli ölenleriň sany 5806 adama ýetdi" -diýdi.