Eýranda koronawirusly 72,000-den gowrak adam derman boldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7519-eýranda_koronawirusly_72_000_den_gowrak_adam_derman_boldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi Şu wagta çenli koronawirusly 72,439 adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 28, 2020 11:35 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronawirusly 72,000-den gowrak adam derman boldy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi Şu wagta çenli koronawirusly 72,439 adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour şu gün habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranda koronawirus näsaglary barada beren gürrüňlerinde soňky 24 sagadyň dowamynda 1112 täze hassanyň tanalandygyny aýdyp Kesel anyklaýyş ölçeglerine görä, Eýranda 92,584 adama koronawirusy ýokaşandyr diýdi. 

Kianoş Jahanpour şeýle-de soňky 24 sagatda 71 adamyň ölendigi barada durup geçmek bilen Eýranda koronawirus sebäpli ölen adamlaryň sanynyň 5877 adama ýetendigini aýtdy.

Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 3 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan 211,000 adam öldi we 925,000-den gowrak adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.