Eýran bilen Günorta Afrika söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berýär
Eýranyň we Günorta Afrikanyň prezidentleri ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekip, korona wirusyna garşy göreşde tejribe alyşmaga we iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş we ylmy arkalaşyklaryň zerurlygyny nygtadylar.
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani we Günorta Afrikanyň prezidenti Siril Ramaphosa şu gün telefon arkaly söhbetdeşlikde Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň gowy geçmişlerine salgylanmak bilen täze mümkinçilikleri we taslamalary ösdürmek üçin bilelikde işlemelidigini aýtdy.
Eýranyň we Günorta Afrikanyň prezidentleri ABŞ-nyň adamzada garşy sanksiýalaryna, ezilen palestina halkyna garşy adamkärçiliksiz jenaýatlara garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň, Siriýada we Yemende parahatçylyk we durnuklylyk ugrunda işlemegiň zerurdygyny aýtdylar.
Bu telefon söhbetdeşliginde Ruhani Amerikanyň Eýran halkyna garşy adamkärçiliksiz hereketlerine yşarat edip dünýäde korona epidemiýasyna garamazdan Amerika Eýran halkyna garşy bikanun sanksiýalary güýçlendirdi we halkara hukugyny bozmakdan başga-da halkara saglyk düzgünlerini bozdy diýip sözüne goşdy.
Günorta Afrikanyň prezidenti hem ABŞ-nyň Eýrana garşy adalatsyz we bikanun hereketlerini ýazgaryp dünýädäki ähli ýurtlar şu wagt umumy duşmana (koronawirusa) garşy çäre görmeli we sanksiýalar girizmek we beýleki ýurtlara basyşy güýçlendirmek bilen problema döretmeli däldir diýdi.