Ruhani:Eýran korona garşy göreşde üstünlikli hereket edendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7529-ruhani_eýran_korona_garşy_göreşde_üstünlikli_hereket_edendir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýranda korona garşy göreş hakynda çykýan hasabatlar dünýäniň beýleki ýurtlaryna görä bu wirusyň öňüni almakda Eýranyň netijeli hereket edendigini görkezýändir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 30, 2020 12:13 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran korona garşy göreşde üstünlikli hereket edendir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýranda korona garşy göreş hakynda çykýan hasabatlar dünýäniň beýleki ýurtlaryna görä bu wirusyň öňüni almakda Eýranyň netijeli hereket edendigini görkezýändir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni Ilam welaýatynda Energetika we Oba hojalygy ministrlikleri üçin wideo konferensiýa arkaly geçirilen milli taslamalaryň açylyş dabarasynda beren gürrüňlerinde dünýäni guşap alan koronawirusynyň öňüni almakda Eýran Yslam Respublikasynyň ýagdaýy başgalardan gowydyr diýip yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle hem Eýranyň azyk we käbir esasy harytlar bilen öz-özüni üpjün edýändigini beýan etmek bilen Eýran, bäşinji ýyl bäri bugdaý öndürmekde özüni üpjün edendir bu bolsa gaty möhüm meseledir diýdi.

Şu gün, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň buýrugy bilen, Jihad oba hojalygy ministrliginiň Eýranyň günbataryndaky Ilam welaýatynda 123 ösüş we önümçilik taslamasynyň durmuşa geçirilmegi başlandy.