Eýran korona keselini bejermek listinde ikinji ýerde durýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7534-eýran_korona_keselini_bejermek_listinde_ikinji_ýerde_durýar
Halkara guramalar tarapyndan ýaýradylan resmi statistika, Eýranyň korona keseli bolan adamlary bejermek we dikeltmek boýunça dünýäde ikinji ýurtdygyny görkezýär.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 02, 2020 10:49 Asia/Ashgabat
  • Eýran korona keselini bejermek listinde ikinji ýerde durýar

Halkara guramalar tarapyndan ýaýradylan resmi statistika, Eýranyň korona keseli bolan adamlary bejermek we dikeltmek boýunça dünýäde ikinji ýurtdygyny görkezýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň resmi statistikalaryna görä, Hytaýdan soň Eýran koronawirusly adamlary bejermekde ikinji hatarda durýar we Eýranda bu kesel bilen kesellän adamlaryň 80 göterimi şu wagta çenli dikeldildi.

Eýranyň koron uçuranlar taýdan iň köp bolan 10 ýurduň hataryndadygyny göz öňünde tutup, "Covid-19" -dan gutulýanlaryň sany ep-eslidir.

Takmynan 94 göterim dikeldiş bilen Hytaý birinji ýerde durýar.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministriniň geňeşçisi Alireza Wahabzadeh, beýleki ýurtlara görä Eýranda koronadan dikeldilen adamlaryň sany barada beren gürrüňlerinde korona keseli bolan adamlary dogry bejermek we ýokary ösüş derejesi Eýran Yslam Respublikasynyň lukmançylyk ylymlarynda we bejeriş pudagynda göze ilerli ösüşi gazanandygyny görkezýändir diýdi.