Zarif: Dünýädäki iň uly uruş ölçeriji ýurt Eýran barada alada edýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7539-zarif_dünýädäki_iň_uly_uruş_ölçeriji_ýurt_eýran_barada_alada_edýär
Dünýädäki ýarag söwdasy we harby çykdajylaryň başynda durýan Amerika indi Eýranyň ýarag gadaganlygynyň ýatyrylmagyndan aladalanýandyr diýip Eýranyň daşary işler ministri aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 02, 2020 14:23 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Dünýädäki iň uly uruş ölçeriji ýurt Eýran barada alada edýär

Dünýädäki ýarag söwdasy we harby çykdajylaryň başynda durýan Amerika indi Eýranyň ýarag gadaganlygynyň ýatyrylmagyndan aladalanýandyr diýip Eýranyň daşary işler ministri aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün özüniň twitter sahypasynda Amerikanyň satuwa çykarýan ýaraglarynyň mukdary barada bir wideony paýlaşyp dünýäde iň köp harby býutjeti bolan we ýarag eksport etmekde hemmelerden ýokaryda bolan Amerika döwleti indi Eýranyň ýarag gadaganlygynyň ýatyrylmagyndan howatyrlanyp durandyr diýip ýazdy.

Amerika döwleti uzak ýyllar bäri özüniň goşun güýçlerine iň köp çykdaýjyny etmegiň ýanynda ýarag satmakda hem birinji hatarda ýerleşýändir we uruşy başlap ýada uruş odyny ölçerip çaknyşyklardan peýda görýän döwletdir diýip Zarif aýtdy.

Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo 1979-nji ýyla çenli Amerikanyň uly ýarag müşterileriden hasaplanýan Eýran barada şeýle bir howatyrlanma bildirip durandyr weli dünýäniň dürli ýurtlaryna ýarag ýollap durandyr diýip Zarif ýatlap geçdi.

Pompeo düýn beren gürrüňlerinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny gaty ýaramaz ylalaşyk bilmek bilen Amerika Eýrana garşy ýarag gadaganlyklary uzaklaşdyrmak ugurda özüniň howpsuzlyk geňeşindäki hukukyndan peýdalanjakdyr diýip yglan etdi.

BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana garşy ýarag gadaganlygy 2006 we 2007-nji ýyllarda Eýrana ýarag satuwyny we Eýrandan ýarag eksportyny gadagan etmek üçin girizildi.

ýöne 2015-nji ýylda ele gelen ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda bu gadaganlyklaryň 2020-nji ýylda aradan aýyrylmagy barada ylalaşyk bolupdy.