Nakaki:Eýran gadaganlyklaryň iň ýokary derejesinde korona dartgynlylygy başdan geçirendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7546-nakaki_eýran_gadaganlyklaryň_iň_ýokary_derejesinde_korona_dartgynlylygy_başdan_geçirendir
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri Sanksiýalaryň we ykdysady kynçylyklaryň iň ýokary derejesinde Yslam respublikasy, beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almakda has gowy dolandyryp bilendir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 04, 2020 10:42 Asia/Ashgabat
  • Nakaki:Eýran gadaganlyklaryň iň ýokary derejesinde korona dartgynlylygy başdan geçirendir

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri Sanksiýalaryň we ykdysady kynçylyklaryň iň ýokary derejesinde Yslam respublikasy, beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almakda has gowy dolandyryp bilendir diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri Said Namaki ýekşenbe güni agşam, bikanun sanksiýalara garamazdan Yslam respublikasynyň kowid 19 keselini dolandyrmakda gazanan üstünliklerine yşarat edip Bu üstünlik, ähli meselelerde milli ylalaşyga we duýgudaşlyga ýol açan we bu örän aýylganç kesele gözegçilik edip, ony kontrol edmegi başaran Eýran halky üçin hormatly medaldyr diýdi.

Namaki, duýgudaşlyk we milli ylalaşyk bilen Eýran halkynyň Kuaid 19 keselini bejermekde has gowy netijelere ýetip biljekdigine umyt bildirdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministri şeýle hem saglygy goraýan şehitleriň ýat we hatyralaryny ýatlap Bu ezizler her kimiň ýokanç merkezinden gaçýan ýagdaýynda korona näsaglaryna hyzmat edýärdiler diýdi.

Namaki şeýle hem  Eýranyň lukmançylyk we saglygy goraýyş işgärlerine we maşgalalaryna Kuaid 19 keseline garşy sabyrlylygy we goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.