Koronanyň Eýrandaky soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä şu wagta çenli ýurtda koronawirusly 79,397 adam gowulaşdy we hassalaryň 80% töweregi hassahanalardan boşadyldy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour duşenbe güni habarçylaryň arasynda Eýranda korona wirusly hassalary baradaky soňky sanawlar hakda beren gürrüňlerinde soňky 24 sagadyň dowamynda 1,223 täze hassanyň tapylandygyny aýtmak bilen Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, şu wagta çenli Eýranda 98,647 adama koronawirusy ýokaşandyr.
Jahanpour şeýle hem, soňky 24 sagadyň dowamynda 74 adamyň ölendigini aýdyp, Eýranda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 6,277 adama ýetendigini aýtdy.
Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 3 million 582 müňden gowrak adama ýetdi, şolardan azyndan 248 müň adam öldi we bir million 160-dan gowrak adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.