Musawi: Eýranyň ýarag gadaganlygynyň uzaldylmagyna berjek jogaby aýgytly bolar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Yslam respublikasynyň ýarag gadaganlygynyň uzaldylmagyna berjek jogabynyň aýgytlydygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün geçirilen metbugat ýygnagynda Eýrana garşy ýarag gadaganlygyny uzaltmak ugurda Amerikanyň edýän tagallalaryna yşarat edip Eýrana garşy ýarag gadaganlygy uzaklaşdyrylan ýagdaýynda Eýranyň şoňa görä hereket etjekdigini we jogap berjekdigini aýtdy.
Eýranyň diplomatik gullugynyň metbugat wekili Amerikalylaryň häzirki maksadyna ýetip bilmejekdigini, sebäbi talaplarynyň kanuny esaslarynyň ýokdugyny we indi ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň agzasy däldigini aýtdy.
Musawi şeýle hem Yragyň Eýrana garşy ýola beren uruşynda Germaniýanyň Yragyň Basi režiminiň diktatory Saddama himiki ýaraglary satmagy barada Eýranyň gozgan arzasyna yşarat etmek bilen Saddamyň Eýran halkynyň hatda Yragyň mazlum ilatynyň tersine ýola beren jenaýatlarynda Germaniýa döwletiniň paýy az däldir diýip yglan etdi.