Zarif: Pompeo Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny okasyn
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7555-zarif_pompeo_howpsuzlyk_geňeşiniň_2231_nji_kararyny_okasyn
Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Eýranyň ýarag gadaganlyklaryny giňeltmek baradaky tagallalarynyň jogabynda BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary we ýadro ylalaşygy biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr; Pompeo 2231-nji karary täzeden okasyn diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 05, 2020 13:52 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Pompeo Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny okasyn

Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Eýranyň ýarag gadaganlyklaryny giňeltmek baradaky tagallalarynyň jogabynda BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary we ýadro ylalaşygy biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr; Pompeo 2231-nji karary täzeden okasyn diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün (sişenbe) ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň 2231-nji rezolýusiýa arkaly Eýranyň ýarag embargosyny giňeltmek ugrundaky tagallalaryny tankytlady we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu ýerde ornunyň ýokdugyny aýtdy.

Pompeonyň rezolýusiýanyň tekstini okamaýandygyny düşündirip, Eýranyň daşary işler ministri şeýle düşündirdi: "ýadro ylalaşygy 2231 kararynyň bir bölegidir. Şonuň üçin onuň 104 sahypasy bar we şonuň üçinem (Pompeo) ony okamady!

Döwlet sekretary Maýk Pompeo ýakynda Waşingtonyň 2231-nji rezolýusiýa gatnaşandygyny we Eýranyň ýarag embargosynyň uzaldylmagyny talap edip biljekdigini toslady.