Musawi: Eýranyň mätäç ýurtlara berýän kömegi dowam eder
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7559-musawi_eýranyň_mätäç_ýurtlara_berýän_kömegi_dowam_eder
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystana, Liwana we Germaniýa iberen lukmançylyk enjamlaryna yşarat edip Yslam respublikasy mätäç ýurtlara kömek bermegini dowam etdirer diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 06, 2020 09:07 Asia/Ashgabat
  • Musawi: Eýranyň mätäç ýurtlara berýän kömegi dowam eder

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystana, Liwana we Germaniýa iberen lukmançylyk enjamlaryna yşarat edip Yslam respublikasy mätäç ýurtlara kömek bermegini dowam etdirer diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün twitter sahypasynda bile bolsak güýçliräkdiris diýen häştäk bilen ýazan matlabynda Eýran koronawirusynyň öňüni almakda netijeli hereket etmegiň ýanynda Eýranyň daşary işler ministriniň nygtaýyşy ýaly bu wirusyň öňüni almakda täsirli bolan lukmançylyk enjamlary dünýäniň dürli ýurtlaryna şol sanda Afrika we Ýewropa ýurtlaryna iberip olaryň bu enjamlara bolan mätäçligini üpjün etjekdir diýip beýan etdi.

Soňky günlerde Eýran Owganystana, Liwana we Germaniýa ýurtlaryna koronawirusy anyklamak bilen baglanyşykly enjamlary iberdi.