Rouhani: Magdançylyk pudagynyň özgermegi, global imperializmine Eýranyň aýgytly jogabydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ýurduň dag-magdan ösüşiniň statistikasyna ünsi çekip: "Magdançylyk pudagynda uly özgerişlik döretmek, eýranly işçileriň, inženerleriň we müdirleriň global iperializminiň dildüwşüklerine we basyşlaryna aýgytly jogap bermegidir" -diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni wideo konferensiýa hökmünde Eýranyň mis senagatynyň milli taslamalaryny Kerman welaýatynda ulanmak dabarasynda önüm öndürilmginde, şol sanda magdançylyk pudagynda çig malyň satylmagynyň öňüniň alynmalydygyna yşarat edip Sanksiýalara we koronawirusyň ýaýramagyna garamazdan, halkyň isleglerini kanagatlandyrmak we eksport etmekden başga önüme badalga bermek üçin ýurduň önümçiligiň giňelmeginden başga çäre ýokdyr diýip nygtady.
Ruhani, şeýle hem täze sanksiýalardan soň daşary ýurtlaryň gatnaşmagynyň togtadylmagyna garamazdan, geçen ýyl (2019) ýaş eýranly hünärmenler tarapyndan misiň eksport edilmegini öwdi.