Rahmani Fazliň ýer titreme bilen baglanşykly beren buýruklary
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7571-rahmani_fazliň_ýer_titreme_bilen_baglanşykly_beren_buýruklary
Tähran welaýatynda bolup geçen ýer titremesinden soň, Eýranyň içeri işler ministri Abdolreza Rahmani Fazli Tähranyň häkimini we Krizis dolandyryş guramasynyň ýolbaşçysyny wagt geçirmezden sebite kömek toparlaryny ibermegi buýurdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 08, 2020 12:32 Asia/Ashgabat
  • Rahmani Fazliň ýer titreme bilen baglanşykly beren buýruklary

Tähran welaýatynda bolup geçen ýer titremesinden soň, Eýranyň içeri işler ministri Abdolreza Rahmani Fazli Tähranyň häkimini we Krizis dolandyryş guramasynyň ýolbaşçysyny wagt geçirmezden sebite kömek toparlaryny ibermegi buýurdy.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,bu buýrukda Rahmani Fazli Tähran welaýatynda korona keseli baradaky saglyk protokollaryny doly ýerine ýetirip ähtimallaýyn bu ýer titremede zyýan gören adamlara tiz kömek berilmegini isledi.

Şeýle hem Eýranyň içeri işler ministri halkyň meselelerini we kynçylyklaryny çözmek üçin öz wagtynda görülýän çäreleri kömegiň möhümdigini aýtdy.

Juma güni irden sagat 00: 48-de 5.1 ball ululykda ýer titremesi Tähran welaýatyny sarsdyrdy.

Tähran uniwersitetiniň geofiziki instituty ýer titremesiniň merkezini Tähran welaýatynyň gündogaryndaky Damawand şäherinde yglan etdi.

ýer titremesi 7 km çuňlukda boldy.bu ýer  titremesi Mazandaran, Alborz, Kazwin, Kom we Zanjan welaýatlarynda hem duýulandyr.