Zarif: ýadro ylalaşygyndan çykandygy üçin Amerika, jogapkärçilik çekmeli
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7573-zarif_ýadro_ylalaşygyndan_çykandygy_üçin_amerika_jogapkärçilik_çekmeli
"Zorlukly kanundan gaçmalar Birleşen Milletler Guramasynyň abraýyna we halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna howp salýar" diýip Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 09, 2020 15:48 Asia/Ashgabat
  • Zarif: ýadro ylalaşygyndan çykandygy üçin Amerika, jogapkärçilik çekmeli

"Zorlukly kanundan gaçmalar Birleşen Milletler Guramasynyň abraýyna we halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna howp salýar" diýip Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şenbe güni twitter hasabynda BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterrese ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykmagynyň ikinji ýyl dönümi mynasybetli ýazan hatyna yşarat edip Amerika, ýadro ylalaşygyndan çekilmegi we beýlekileri bu şertnamany bozmaga mejbur edenligi üçin jogapkärçilik çekmeli diýip nygtady.

2018-nji ýylyň 8-nji maýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump Waşingtonyň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji rezolýusiýany gödek bozup ýadro ylalaşygyndan çykýanlygyny resmi taýdan yglan etdi.