Rabiee: Eýran raýatlarynyň Amerikan türmelerinde gowy şertleri ýok
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7574-rabiee_eýran_raýatlarynyň_amerikan_türmelerinde_gowy_şertleri_ýok
Eýran döňwletiniň metbugat sekretary Amerikanyň türmelerindäki Eýran raýatlarynyň ýagdaýynyň gowy däldigine salgylanyp ABŞ-nyň hökümeti ähli Eýran raýatlarynyň ömri we saglygy üçin jogapkärdir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 10, 2020 10:08 Asia/Ashgabat
  • Rabiee: Eýran raýatlarynyň Amerikan türmelerinde gowy şertleri ýok

Eýran döňwletiniň metbugat sekretary Amerikanyň türmelerindäki Eýran raýatlarynyň ýagdaýynyň gowy däldigine salgylanyp ABŞ-nyň hökümeti ähli Eýran raýatlarynyň ömri we saglygy üçin jogapkärdir diýdi.

Eýran döňwletiniň metbugat sekretary Ali Rabiee sözüniň dowamynda Yslam respublikasynda Eýran raýatlarynyň ABŞ-nyň türmelerinde gowy ideg edilmeýändigini görkezýän maglumatlar bar diýdi.

Rabiee, şeýle hem Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda tussaglary alyş-çalyş etmegiň mümkinçiligi barada gürrüň gozgap Tähran Eýranly we amerikan tussaglarynyň hemmesini çalyşmaga taýýardygyny öňden bäri aýdyp gelýär emma Amerika şu wagta çenli jogap bermekden ýüz öwürendir diýip sözüne goşdy.