Ansari: Instexdäki söwdalar Eýran üçin ynandyryjy däl
Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Instex arkaly söwda häzirki wagtda Eýran üçin ynandyryjy däldir diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Gholamreza Ansari Eýranyň tele-radio habarlar gullugyna Instex-iň birnäçe aý bäri Eýran bilen çäkli operasiýa alyp barýandygyny aýdyp Eýranyň Merkezi Banky, Instax-i işjeňleşdirmek we geljekde Ýewropadan Eýranyň haryt satyn almagy üçin bu maliýe mehanizmini ulanmak isleýär diýip beýan etdi.
Ykdysady diplomatiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropalylaryň Inteksde zerur hyzmatdaşlygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny sorag hökümde ara atyp Ýewropaly taraplar hyzmatdaşlyk etseler-de, harytlaryň görnüşi we sany çäklidir, bu maliýe mehanizmi ähli pudaklarda haryt alyş-çalşygy üçin şertleri üpjün etmelidir diýip nygtady.