Zarif: ABŞ-nyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kararyna gatnaşmagy gutardy
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri penşenbe güni agşam ABŞ resmileriniň BMG-nyň Eýrana garşy ýarag gadaganlyklaryny giňeltmek baradaky duşmançylykly tagallalarynyň jogabynda ABŞ-nyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kararyna gatnaşmagy gutardy diýip nygtady.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Muhammet Jawad Zarif twitterde şeýle ýazypdyr: "bedeni Koronawirusyndan arassalamak üçin dezinfeksiýa (ýuwujy serişde) barada ham hyýala gulluk edýänler Howpsuzlyk Geňeşiniň şertnamany tassyklaýan kararyna şärikdigini aýdýarlar bu mesele şeýle bir ýagdaýdadyr welin olaryň öz aýdanlaryna görä, olar hyzmatdaşlygy birneme öň bes edipdirler diýip nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri şu gün habarçylara ABŞ-nyň ýadro ylalaşygy baradaky toslamalarynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary baradaky talaplarynyň "samsykdygyny" we ABŞ-nyň işgärleri üçin täze däldigini aýtdy.