Eýranda koronawirusly 93,000-den gowrak adam dikeldildi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi yglan etmegine görä şu wagta çenli ýurtdaky Koronawirusy ýokaşanlardan 93 müň 147 adam gowulaşdy we keselhanalardan çykaryldy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň müdiri Kianoş Jahanpour şu gün habarçylara beren gürrüňlerinde Eýranda koronawirus hassalary baradaky soňky statistika barada habar berdi we soňky 24 sagadyň dowamynda 1,757 täze hassanyň tapylandygyna yşarat etmek bilen şu wagta çenli anyk anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda Eýranda 118,392 adama koronawirusy ýokaşandyr.
Jahanpour şeýle hem, soňky 24 sagadyň dowamynda 35 adamyň ölendigini aýdyp, Eýranda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 6,937 adama ýetendigini aýtdy.
Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 4 642 000-den geçdi, şolardan azyndan 308,000 adam öldi we 1,8 million töweregi keselhanalardan gutuldy.