Ruhani: Korona keseliň döwri gutaran däldir ýöne Eýranda ýagdaý gowulaşandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti käbir daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň jemgyýetde umytsyzlygy, aladany we gorkyny döretmek ugrundaky tagallalaryna yşarat edip koronawirus döwri gutarmady, ýöne Eýranda ýagdaý gowulaşdy diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Korona garşy göreşmek boýunça milli merkeziň ýygnagynda beren gürrüňlerinde Eýran koronanyň esasy depesiniň şertlerinden geçdi we indi egerde koronanyň ýokarlanmagy ýene başlanaýsa ýurtdaky ýagdaý ilkinji günlerden düýpgöter tapawutlyrakdyr we koronanyň öňüni almakda mümkinçiligimiz köpdyr diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle hem, Korona garşy göreşmek boýunça milli ştabyň Kuds gününi geçirmek baradaky kararlary barada gürrüň gozgap Juma namazynyň okalýan ak ýerlerindäki 218 şäherde, saglyk çarçuwalaryna we protokollaryna gözegçilik edip, Juma namazynyň ýygnanýan ýeri hökmünde bellenip bilner diýdi.
Ruhani şeýle hem, Tähranda Kuds gününiň awtoulag görnüşinde geçiriljekdigini yglan etmek bilen Tähranda Kuds güni dabarasy çeşmeden belli bir ýere awtoulag kerweni bilen we simwoliki görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýär diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti aýyd namazyny okamak barada hem düşündiriş berip şu ýyl oraza baýramy namazlary saglyk ýörelgelerine laýyklykda ýurduň metjitlerinde geçiriler diýip yglan etdi.