Raisi:Kudusy azat etmek yslam ymmatynyň birinji meselesidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7628-raisi_kudusy_azat_etmek_yslam_ymmatynyň_birinji_meselesidir
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Amerika we Sionist režimiň sebitdäki weýran ediji hereketlerine yşarat edip Kudusyň azat edilmegi yslam ymmatynyň ileri tutýan birinji meselesidir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 18, 2020 11:33 Asia/Ashgabat
  • Raisi:Kudusy azat etmek yslam ymmatynyň birinji meselesidir

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Amerika we Sionist režimiň sebitdäki weýran ediji hereketlerine yşarat edip Kudusyň azat edilmegi yslam ymmatynyň ileri tutýan birinji meselesidir diýdi.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Ebrahym Raisi şu gün bu güýjüň ýokary geňeşiniň mejlisinde beren gürrüňlerinde Sionist režimi tarapyndan döredilen DAEŞ terrorçylaryň ýok bolmagyndan soň indi bu režim bu şowsuzlykdan çykmak ugurda tagalla edýändigine yşarat etmek bilen Amerika we Sionist režimiň asryň söwdasyny ýa-da şol asryň şertnamasyny durmuşa geçirmek we Iordaniýa akarynyň käbir günbatar bölegini basyp alynan ýerlere birikdirmek baradaky tagallalarynyň amala aşmajakdygy bäride dursun eýsem Palestinalylaryň intifaze protestleri öňkilere görä has giň boljakdyr diýip beýan etdi.

Raisi şeýle-de Sionist režiminiň sebitde baş goşan käbir jenaýatlaryna salgylanyp 72 ýyldan soň Sionist režimiň ýazgysy adamzada garşy köp sanly jenaýatdyr,ähli şertnamalary bozmak we dürli ýurtlaryň şol sanda Palestina,Liwan we ähli halkara hukuklaryň äsgerilmezlik etmekden dolydyr diýip beýan etdi.

Amerikalylar Günbatar Aziýa sebiti baradaky ham hyýallaryny taryhyň arhiwyna gowşurmaly bolarlar we olar Günbatar Aziýa sebitinden çykarlar diýip Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Ebrahym Raisi aýtdy.